Soňky habarlar

Arhiw

«Ussat kömekçiniň» hyzmaty köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylary üçin has oňaýlydyr

20:2524.07.2022
0
18788

Aşgabat şäheriniň köpgatly jaýlarynda ýaşaýan ýaşaýjylaryň köpüsi eýýäm «Ussat kömekçiniň» zibil alyp gitmek hyzmatyna ýokary baha berdiler. Eýsem, şeýle şertde ýaşamak bilen, gysga wagtyň içinde ähli öý-hojalyk işlerine hemişe ýetişibem bolmaýar.

Köpgatly jaýlarda ýaşaýanlar, adatça, hojalykdan artan zibillerini zibil gutularyna işe ýa-da okuwa barýan mahallary taşlaýarlar. Bu ýagdaýda zibil gutusy ýolugrunda ýerleşýän bolsa has gowy boldugy. Ýöne hemişe beýle-de bolup duranok, zibil gutulary adatça etrapçanyň içinde, orta zolaklarynda goýulýar we oňa barmak üçin ilki zibili taşlap, soňra ters ugur boýunça duraltga barmaly bolýar. Munuň üstesine çagany çagalar bagyna bermeli bolsa has-da kyn bolýar.

Şu barmaly ýerleriň uzaklygyny lifte garaşmak, eger doly bolsa indikisi gelýänçä durmak ýaly wagt alýan ýagdaýlar hem artdyryp bilýär.

Indi bolsa, «Ussat kömekçi» kärhanasy bilen zibilleri alyp gitmek babatda şertnama baglaşmak dogrusynda belläliň. Kärhana bilen şertnama baglaşan günüňizden başlap zibilleriňizi gapyňyzyň daş ýüzünde goýup, arkaýynlyk bilen beýleki işleriňizi edip bilersiňiz. Kärhananyň hünärmenleri bolsa edil siziň gepleşen wagtyňyzda gelip, zibiliňizi alyp zibil gutularyna atyp bererler.

Kärhananyň zibilleri alyp gitmekde ýetirýän ähli hyzmatlary bilen bagly sowallary şu salgylar boýunça sorap bilersiňiz:

  • (+993 62) 14 70 12, (+993 61) 28 47 66, (+993 65) 41 53 89.

Hyzmatlardan peýdalanmak üçin kärhananyň sosial media ulgamyndaky hasabyna arzalar bilen ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň