Soňky habarlar

Arhiw

«Iner Store» internet-dükany has arzan bahaly harytlary alyjylara ýetirýär

15:2514.09.2022
0
27621

Azyk önümlerden başga harytlary alyjylara ýetirýän «Iner Store» onlaýn-hyzmatlar internet dükany Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin dürli hili harytlaryň müňlerçe görnüşini hödürleýär.

«Iner Store» internet dükanynda amatly bahalardan satylýan harytlaryň hatarynda, bu ýerden hemişe arzanladyşlaryň yglan edilmegi bilen käbir harytlary has arzan bahalardan almak bolýar.

Has takygy, dükanyň ykjam goşundysynyň «Arzanladyş» bölümçesi söwda etmekde puluňyzy tygşytlamaga, şeýle-de hojalyk, mekdep we ofis harytlaryny, oýunjaklary we aýakgaplary has amatly bahadan almaga ýardam edýär.

Dükan bu babatda ulanyjylaryny täze arzan bahadan satylýan harytlar, arzanladyş çäreleri we täze gelen harytlar barada yzygiderli habardar edip durýar.

«Iner Store» internet dükanyndan ykjam telefonlary, hojalyk tehnikalaryny, kompýutere zerur bolan enjamlary, kosmetika önümlerini, egin-eşikleri, aksessuarlary, baýramçylyk bezegi üçin harytlary we beýleki degişli önümleri satyn alyp bolýar.

Ulanyjylara has amatly bolmagy üçin «Iner Store» dükanynyň ykjam goşundysy türkmen we rus dillerinde işlenip taýýarlanylandyr. Dükana sargyt edilen söwda harytlary Türkmenistanyň ähli ýerlerine eltilip berilýär.

«Iner Store» ykjam goşundysyny şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz:

Habarlaşmak üçin:

  • salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 5/7 jaý;
  • telefon belgisi: (+993 65) 62 46 48;
  • elektron poçtasynyň salgysy: inerstore@gmail.com.


Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň