Soňky habarlar

Arhiw

Putin Samarkantda Serdar Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşyk geçirer

20:3713.09.2022
0
29064
Putin Samarkantda Serdar Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşyk geçirer
Surat: ТАСС

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Nobatdaky halkara forumyň çäklerinde daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Resmi rus internet neşirlerinde habar berilmegine görä, sammitiň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ikiçäk gepleşikleri geçirer. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän sowallar boýunça pikir alşylar.

Bellenilişi ýaly, gadymy Samarkant şäherinde geçiriljek sammite guramanyň agzalary bolan Russiýanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň Prezidentleri, Hindistanyň, Pakistanyň Premýer-ministrleri, gurama synçy döwletler bolan Belarusyň, Eýranyň, Mongoliýanyň Prezidentleri, şeýle-de sammite hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň Prezidentleri we Ermenistanyň Premýer-ministri gatnaşarlar.

Şu ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri W.Norow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili A.Kamilow bilen geçiren duşuşygynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitinde öňe sürüljek garaýyşlar boýunça pikir alyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň