Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wuçiç dünýäde azyk gytlygynyň döräp biljekdigi barada aýtdy

16:1812.09.2022
0
20438
Wuçiç dünýäde azyk gytlygynyň döräp biljekdigi barada aýtdy
Surat: rbc.ru

Dünýäde azyk ugrundaky göreş häzirki emele gelen energiýa ýetmezçiligi ýaly, nobatdaky mesele bolup biler, bu barada Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç Abu-Dabi şäherinde saparda wagty «Pink» serb teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi diýip, «Belta.by» saýty ýazýar.

Serb Prezidenti energiýa ýetmezçiliginiň öz ýurduny agyr ýagdaýa salýandygyny nygtap, «Energiýa kynçylygyndan soňra azyk ýetmezçiligi nobatdaky mesele bolsa gerek. Nyrhlar çäklendirilen ýagdaýynda, şol önümiň gytlygy emele gelýär, ol alyp-satarlaryň emeli döredýän kynçylygydyr we oňa çäre tapmak kyndyr» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň