Düýn Hytaýyň Syçuan ülkesinde bolan ýertitreme zerarly 21 adam gurban boldy. Bu barada «Al Jazeera» teleýaýlymy habar berdi diýip, «Izwestiýa» ýazýar.
Ýertitremäniň merkezi Çendu şäherinden 226 kilometrlikdäki Ludin uezdinde hasaba alyndy, ýerasty sarsgynyň güýji 6,8 derejä deň boldy.
Ýertireme bu ülkede, esasan hem, günbatardaky daglarda häli-şindi bolýar.