Türkmenistanda ýurduň halkara habarlar giňişligindäki ornuna bagyşlanan maslahat geçiriler

16:4103.09.2022
0
30476

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna «Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli çäreleriň meýilnamasyny hödürledi. Ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna gabatlanan forum Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraljak halkara maslahatyň barşynda Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ozal baglaşylan halkara resminamalaryň ýerine ýetirilişi, geljekki edilmeli işler we öňde duran wezipeler barada pikir alşarlar. Onuň işine sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sergini guramak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutany bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň