Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

19:4431.08.2022
0
25773

Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Protokol gullugynyň müdiri Oliwiýe Bel bilen Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Oliwiýe Bel Türkmenistanyň ilçisini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi diýlip, ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Abraýly sebit hem-de halkara guramalarynda, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň we beýlekileriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň hem-de halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi barada aýratyn bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda S.Pälwanow ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we türkmen-belgiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň