«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenistandan Belarussiýa we Belarussiýadan yzyna bäş sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar. Bu maglumat «Turkmenportalyň» redaksiýasyna 085 belgili gysga belgili Aşgabat halkara howa menziliniň maglumatlar bölümi tarapyndan habar berildi. Aşgabatdan Minska uçuşlar 10-njy, 17-nji, 24-nji sentýabrda we 1-nji oktýabrda, Türkmenabatdan Minska 5-nji sentýabrda meýilleşdirilýär.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli howa gatnawy togtadylandan soň bu ýurtda galmaga mejbur bolan türkmenistanlylar ýörite guralýan uçar gatnawlar bilen Belarussiýadan Türkmenistana gaýdyp gelerler. Belarussiýadan Türkmenistana gelýän ähli uçuşlar Türkmenbaşy howa menziline amala aşyrylar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan bilen Belarussiýanyň arasyndaky yzygiderli uçuşlar global pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy. Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň yzyna gaýdyp gelmeklerini guramak boýunça işlerini dowam etdirýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.