Soňky habarlar

Arhiw

Aleksandr Lukaşenko 68 ýaşady

15:3730.08.2022
0
21639
Aleksandr Lukaşenko 68 ýaşady

Şu gün Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Grigorýewiç Lukaşenko 68 ýaşyny doldurdy. Ol 1954-nji ýylyň 30-njy awgustynda Belorussiýa SSR-niň Witebsk sebitiniň Orşa etrabynyň Kopys obasynda dünýä indi. 1975-nji ýylda Mogilew döwlet pedagogika institutyny taryh we jemgyýetçilik ylymlary dersinden mugallym hünäri boýunça ýokary bilim aldy. 1985-nji ýylda bolsa Belarussiýanyň Oba hojalyk akademiýasynyň ykdysadyýet fakultetini gaýybana tamamlady.

Lukaşenko syýasy zähmet ýoluna 1990-njy ýylyň martynda başlap, şol wagt Şklow saýlaw okrugynda Belarussiýa SSR-niň Ýokary Geňeşiniň halk deputatlygyna saýlanylýar.

1994-nji ýylyň 20-nji iýulyndan bäri Belarussiýanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş Serkerdebaşysynyň we ýurduň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirip gelýär. Ol 2001-nji, 2006-njy, 2010-njy, 2015-nji hem-de 2020-nji ýyllarda geçirilen Prezident saýlawlarynda, ýagny 5 gezek ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanyldy.

Maglumat hökmünde bellesek, häzirki wagtda Belarussiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtly talyplaryň umumy sanynyň 20% -den gowragyny türkmen talyplary düzýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň