Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň öňki daşary işler ministrini «Galkynyş» ordeni bilen sylaglady

22:1826.08.2022
0
31532
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň öňki daşary işler ministrini «Galkynyş» ordeni bilen sylaglady
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak baradaky Permana gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, diplomata bu sylag köp ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin gowşuryldy.

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wladimir Norow hem Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglandy.

Diplomatlar şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, daşary işler ministri R.Meredow bilen hem duşuşdylar.

Ýeri gelende bellesek, özbek diplomaty we döwlet işgäri Abdulaziz Kamilow 1947-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Özbegistan SSR-niň Daşkent oblastynyň Ýangiýul (Täze ýol) etrabynda dünýä indi. Ol 1972-nji ýylda SSSR-iň DIM-niň Diplomatiki akademiýasynda ýokary bilim aldy. Taryh ylymlarynyň kandidaty A.Kamilow dürli ýyllarda SSSR-iň daşary ýurtlardaky diplomatiki wekilhanalarynda dürli wezipelerde zähmet çekdi. Özbegistan Respublikasynyň ABŞ-daky, Kanadadaky, Braziliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde işledi. 2012 – 2022-nji ýyllarda Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri wezipesinde zähmet çekdi. 2022-nji ýylyň 27-nji aprelinden bäri Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili wezipelerini ýerine ýetirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň