Türkmenistanyň Prezidenti telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň täze hil derejesini üpjün etmek maksady bilen “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda” Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine –esaslyk maýadaky paýy 30 göterim, ministrligiň “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasyna – esaslyk maýadaky paýy 60 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, milli ykdysadyýetde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem aragatnaşyk ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen döredildi.