Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlary üçin onlaýyn saglyk we sagdyn durmuş sowalnamasy taýýarlandy

15:1420.08.2022
0
63842

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maglumat merkezi bilen bilelikde saglyk we sagdyn durmuş ýörelgesiniň internet sowalnamasyny taýýarlady.

On bir sowaldan ybarat sowalnama saglygy berkitmäge we keselleriň öňüni almaga, raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmekleri üçin we gündelik edim-gylymlaryna peýdaly endikleri ornaşdyrmaklaryny höweslendirmäge gönükdirilendir. Ol adamlara saglyk meselelerine ünsi jemlemäge, alyp barýan durmuş ýörelgelerini derňemäge mümkinçilik berýär diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde bellenilýär.

Sowalnamada «Irden maşk edýärsiňizmi?», «Gündelik iýmitiňize miwedir gök önüm goşýarsyňyzmy?», «Ertirlik nahary siziň üçin hökmanmy?», «Günüň dowamynda durmuşyňyzda bolup geçen ýakymly pursatlary ýatlap ýylgyrýarsyňyzmy?» ýaly sowallar bar.

Mahabat müdirligi geljekde-de ýörite topar tarapyndan taýýarlanan şeýle sowallar bilen bagly çäräni yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň