Soňky habarlar

Arhiw

Yslam Raýdaşlygy oýunlary tamamlandy

09:2719.08.2022
0
14852
Yslam Raýdaşlygy oýunlary tamamlandy
Surat: www.konya2021.com

Türkiýede geçirilen V Yslam Raýdaşlygy oýunlary tamamlandy. Oýunlaryň ýapylyş dabarasy Konýa şäheriniň Seljuk uniwersitetiniň «15-nji iýul» uniwersietiniň stadionynda geçirildi.

Dabarada ýaryşa gatnaşan 55 döwletiň wekilleri baýdaklary bilen ýörişden geçdiler.

Oýunlara 4 müňden gowrak türgen gatnaşdy. Olar sportuň 24 görnüşi boýunça medallaryň 355 toplumy üçin göreşdiler.

Medal tertibinde birinji orny Türkiýe eýeledi. Türkiýeli türgenler medallaryň 326-syny gazandylar. Şol sanda olaryň 135-si altyn, 103-si kümüş, 88-nji bürünç medallardyr. Ikinji we üçünji orunlary Özbegistanyň (149 ― 51, 39, 59) we Eýranyň (133 ― 39, 44, 50) wekilleri eýelediler.

Türkmen türgenleri jemi 23 medala mynasyp boldular. Olaryň 4-si altyn, 6-sy kümüş, 13-si bolsa bürünç medallardyr. Türkmenistan medal tertibinde 12-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň