Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti harby gämileriň dabaraly ýörişini synlady

22:4610.08.2022
0
8057
Türkmenistanyň Prezidenti harby gämileriň dabaraly ýörişini synlady
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň «Garşy» deňiz birikmesine bardy hem-de ol ýerde «Deňiz han» atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy. Soňra döwlet Baştutany bu ýerde harby gämileriň dabaraly ýörişini synlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, dabaraly harby-deňiz ýörişinde Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler, Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi. Olar ýurduň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün edýärler.

«Arkadag» atly serhet gorag kateri dabaraly harby-deňiz ýörişiniň öňüni çekdi. Onuň yzy bilen Harby-Deňiz Güýçleriniň esasy urgy güýji bolup durýan, iň häzirki zaman ýaraglar bilen üpjün edilen hem-de garşydaşyň suwüsti we pesden düşýän howa nyşanlaryny, desant toparyny hatardan çykarmaga hem-de döwletiň deňiz serhetlerini ygtybarly goramaga niýetlenen «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileri geçdiler.

Soňra gämileri ýangyç, agyz suwy, azyk we beýleki serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek, halas ediş işlerini ýerine ýetirmek, heläkçilige uçran gäminiň şahsy düzümini halas etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýän Harby-Deňiz Güýçleriniň 60 metr labyr göçüriji tirkeg-üpjünçilik «Eserdeň» atly gämisi geçdi. Ondan soň dabaraly ýörişi dürli kysymly gorag gämileri dowam etdiler. Olaryň hatarynda «Galkan» taslamaly «Algyr» we «Hanjar» gorag gämileri, «Asuda», «Mergen», «Hüşgär» we «Synmaz» serhet gorag gämileri, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň garamagyndaky «Sakçy» taslamaly «Naýza», «Kämil», «Galjaň» we «Gaplaň» gämileri bar. Bu gämiler garşydaşyň suwasty, suwüsti we howa nyşanlaryna garşy göreşmäge, şeýle hem gözleg-halas ediş işlerini amala aşyrmaga niýetlenendir. Şeýle-de olar aňtaw işlerini alyp barmaga we suwüsti giňişlige gözegçilik etmäge-de ukyplydyr.

Ýörişiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna «Umman» gidrografik gämisi hem görkezildi, ol Hazar deňziniň türkmen böleginde gämileriň ýüzüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin deňizde gidrografik we okeanografik işleri geçirmek üçin niýetlenendir. Deňizde batimetriki ölçeg, deňiz düýbüniň gurluşyny barlamak, suwasty wideo we foto ýazgy etmek, suwuň düzümini öwrenmek hem bu gäminiň ýerine ýetirýän wezipeleridir.

Dabaraly ýörişde Harby-Deňiz Güýçleriniň deňizde halas ediş işlerini geçirmek, ýangyna garşy göreşmek, gämileri çekmek we itmek hem-de olaryň hereketlerine goldaw bermek üçin niýetlenen «Gujurly» we Döwlet serhet gullugynyň «Zarply» tirkeg gämileri, Döwlet serhet gullugynyň «Kuwwatly» atly ýük gämisi we Harby-Deňiz Güýçleriniň «Berkarar» atly desant kateri hem görkezildi.

Harby gämileriň dabaraly ýörişinde deňiz çuňlugynyň tebigy relýefini öwrenmek, gämileriň hereketi üçin deňziň çuňlugyny ölçemek hem-de suwasty maglumatlary toplamak üçin niýetlenen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasynyň açylmagy bilen deňziň düýbünde barlag işlerini geçirip başlan «Asuda» atly gidrografik gämi, Döwlet serhet gullugynyň içerki suwlarda gämilere gözegçilik etmek, gorag we gözleg-agtaryş işlerini geçirmek üçin niýetlenen «TG-12 Bars» taslamaly üç sany serhet gorag kateri, Içeri işler ministrliginiň deňizde gözegçilik gullugyny ýerine ýetirýän «Master-651» kysymly dört patrul kateri, Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Zodiac» kysymly çalt hereket edýän söweşjeň gaýyklary, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň «Dahl 20» kysymly asma motorly söweş gaýyklary hem görkezildi.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň