Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda milli sosial ulgamy döretmek boýunça bäsleşik yglan edildi

19:4110.08.2022
0
1210

Özbegistanyň Innowasion ösüş ministrligi halkara derejeli milli sosial ulgamy döretmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Oňa gatnaşyjylara şeýle taslamany işläp düzmek üçin bir ýyl möhlet berildi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Bäsleşige ýüztutmalar 1-nji oktýabra çenli kabul ediler diýlip, ady tutulan ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Özbegistanda öň hem milli sosial ulgamy ýa-da messenjeri döretmek üçin synanyşypdylar. Ýurtda 38 sany milli sosial ulgamyň hereket edýändigi habar berilse-de, olar köpçülikleýin häsiýete eýe bolup bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň