Turkmenportal logo
06.08.22
18011801
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäniň iň baý futbol kluby baş tälimçisi bilen uzak möhletlik şertnama baglaşdy

«Nýukasl Ýunaýted» baş tälimçisi Eddi Hau bilen uzak möhletlik şertnama gol çekişilendigini habar berdi.


Şeýle-de bolsa, 44 ýaşly iňlis hünärmen bilen näçe ýyllyk şertnama baglaşylandygy barada aýdylmaly. Ozalky şertnama bolsa 2024-nji ýylyň tomsuna çenlidi.


Hau topary geçen ýylyň noýabr aýynda kabul etdi. Şol wagt topar 11 oýunda toplan 5 utugy bilen ýaryş tertibiniň 19-njy ornundady. Hau ýolbaşçylygynda «Nýukasl» möwsümi 11-nji orunda tamamlady.


Şeýle hem şu ýylyň fewral aýynda Haunyň Angliýada aýyň tälimçisi diýlip yglan edilendigini ýatladýarys.