Arhiw

«Gala» dynç alyş merkezinden Aşgabada mugt mikroawtobus gatnawy ýola goýuldy, Barselonanyň öz «Derwezesi» peýda boldy, Russiýa Türkmenistandan 700 tonnadan gowrak goýun ýüňüni satyn aldy

11:3106.08.2022
0
24475

1. «Gala» dynç alyş merkeziniň myhmanlary üçin Aşgabada çenli mugt mikroawtobus gatnawy ýola goýuldy. Duşenbeden penşenbä çenli ýolagçylar günde bir gezek sagat 17:00-da we anna, şenbe, ýekşenbe günleri üç gezek (17:00, 19:00, 21:00) äkidiler.

2. Barselonanyň merkezinde «Derweze» atly restoran peýda boldy, onuň diwarlygynda bolsa Türkmenistandaky adybir krateriň suraty ýerleşdirilipdir. Türkmenistandaky täsinlik bilen bu restorany kömür we ot baglanyşdyrýar – bu ýerdäki aşpez naharlary açyk otda we grilde bişirýär.

3. Şu ýyldan başlap Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna 707,5 tonna goýun ýüňüni iberdi.

4. «Türkmenawtoulaglary» agentligi Aşgabatda «Bagyr – Teleradoiýaýlymlar merkezi» ugry boýunça täze 121-nji awtobus gatnawyny ýola goýdy.

5. Soňky ýyllarda ýüze çykýan ekologiýa meseleleri adamlary daşky gurşaw barada has köp aladalanmaga mejbur edýär. Şonuň üçin hem meşhur adamlar bu babatda birnäçe başlangyçlary girizýärler. Bu makalada ähli zada biparh garamaýan 7 sany meşhur adamyň durmuşyndan mysallar bilen tanşyp bilersiňiz.

6. Internet torunda indiki «iPhone» smartfonlarynyň daşky görnüşi barada maglumatlar peýda boldy. Çeşmäniň bellemegine görä, «iPhone 14» ýaşyl, benewşe, gök, gara, ak we gyzyl reňklerde bolar. «iPhone 14 Pro» bolsa ýaşyl, benewşe, kümüşsöw, altynsow we grafit reňklerinde çykarylar.

7. Alymlaryň pikirine görä, 2022-nji ýylyň 29-njy iýuny taryhdaky iň gysga gün boldy. Bu gün biziň planetamyz öz okunyň daşyndan bir doly aýlawy ozalkysyndan 1,59 millisekund çalt aýlanmak bilen rekord goýdy. Soňky onýyllyklarda alymlar Ýeriň aýlanma tizliginiň haýýallaýandygyny hasaba alypdylar.

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty – 2022-niň ikinji tapgyrynda «Aşgabat» öz meýdançasynda «Köpetdagdan» asgyn geldi. Aşgabatdaky «Nisa» stadionynda geçirilen duşuşyk 1:2 hasabynda tamamlandy. Myhmanlaryň düzüminden Begenç Akmämmedow dubl bilen tapawutlandy. Öý eýelerinden bolsa Şatlyk Gurbanow garşydaşyň derwezesine gol geçirmegi başardy.

9. Angliýanyň Premýer-ligasynyň birinji tapgyrynda «Kristal Pelas» «Arsenal» bilen duşuşdy. Duşuşyk «topçularyň» peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. 20-nji minutda Gabriýel Martinelli Aleksandr Zinçenkonyň netijeli pasy bilen «Arsenaly» öňe çykardy. 85-nji minutda bolsa Mark Gehi pökgini öz derwezesine goýberdi.

10. Frankfurtdaky «Doýçe Bank Park» stadionynda Bundesliganyň 2022/23-nji möwsüminiň açylyş duşuşygy geçirildi. Ýerli «Aýntraht» topary Germaniýanyň häzirki çempiony – Mýunheniň «Bawariýa» toparyny kabul etdi. Duşuşyk myhmanlaryň 6:1 hasabynda ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň