Soňky habarlar

Arhiw

«Çelsi» Kukurelýa bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşdy

16:4505.08.2022
0
2111
«Çelsi» Kukurelýa bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşdy

«Braýtonyň» goragçysy Mark Kukurelýa karýerasyny «Çelside» dowam etdirer.

London şäheriniň kluby resmi saýtynda ispaniýaly çep gyraky goragçynyň topara goşulandygyny habar berdi. 24 ýaşly futbolçy «Çelsi» bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol 2028-nji ýylda çenli «aristokratlaryň» hatarynda bolar.

Öňräk «Çelsiniň» Kukurelýanyň transferi üçin «Braýtona» 55+7 million funt sterling tölejekdigi barada ýazylypdy. London klubyndan başga-da, bu goragçy bilen «Siti» hem gyzyklanypdy.

Mark Kukurelýanyň geçen möwsümde «Braýtonda» 38 duşuşyga gatnaşyp, bir gezek tapawutlanandygyny we 2 assist edendigini habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň