Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana temmäki önümlerini getirijiler üçin goşmaça salgytlaryň mukdary artdyryldy

11:5629.07.2022
2
28183

Türkmenistanyň «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goş­ma­ça we üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Kanunyna laýyklykda, ýurda getirilýän temmäki önümleri üçin goşmaça tölegler aşakdaky ýaly üýtgedildi:

  • Eger bu kanuna laýyklykda, ozal temmäki önümlerinden gümrük bahasynyň 74 göterimi goşmaça töleg hökmünde alnan bolsa, indi şol mukdar 93 göterime çykaryldy. Şeýlelikde, mundan beýläk bir guty temmäki önümi üçin 3 däl-de, 4 dollar möçberinde goşmaça töleg alnar.
  • Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylarynyň 1 kilogramy üçin ozal alnan 15,6 ABŞ dollaryna derek indi 19,5 ABŞ dollary goşmaça töleg hökmünde alnar.

Kanun bilen dolulygyna şu salgydan tanyş bolup bilersiňiz.

Bu üýtgetmeler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 3-nji maddasynyň 2-nji böleginde görkezilen möhletde güýje girer. Bu bölekde şeýle diýilýär:

«Şu Bitewi kanuna üýtgetmeler girizýän, täze salgytlary belleýän ýa-da hereket edýän salgytlary üýtgedýän Türkmenistanyň kanunlary resmi taýdan çap edilen gününden başlap bir aýyň geçmegi bilen, ýöne degişli salgyt boýunça nobatdaky hasabat döwri tamamlanandan soň gelýän aýyň 1-inden ir bolmadyk möhletde güýje girýär».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň