Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda “Horst Ýanseniň jadyly dünýäsi” atly sergi açylar

07:1408.04.2015
0
3498

2015-nji ýylyň 9-njy apreli — 6-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Germaniýa federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny suratkeş Horst Ýanseniň (Germaniýa) suratlaryny we litografik eserleriniň “Horst Ýanseniň jadyly dünýäsi” atly sergisine çagyrýar.

Sergi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.

Horst Ýansen Ýewropanyň iň gowy grafikaçylarynyň biri hasaplanýar. Ol bütin ömrüni 1929-njy ýylda doglan, 1995-nji ýylda bolsa aradan çykan şäheri bolan Gamburgda geçirdi.

Gamburgyň Ýokary çeperçilik mekdebinde okady. Onuň Gannowerde 1958-nji ýylda guralan ilkinji şahsy sergisi haýran galdyryjy täsir döretdi. 1968-nji ýylda Ýansen Wenesiýada ilkinji baýragyny aldy. Suratkeşiň iň gowy işleri — köp sanly grafika işleri geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda döredildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň