Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparow bilen duşuşdy

10:5421.07.2022
0
6981
Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparow bilen duşuşdy
Surat: kabar.kg

Şu gün sapar bilen Çolpan Ata şäherine baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyzystanyň milli habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Baştutany ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Gyrgyz Lideri türkmen kärdeşini iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl bolýandygy bilen gutlady we geçen ýyllaryň dowamynda döwletleriň arasynda ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň dörändigine kanagatlanma bildirdi.

Sadyr Žaparowyň belleýşi ýaly, Gyrgyzystan tarapy Türkmenistany örän möhüm ykdysady hyzmatdaş hasaplap, söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine we hil taýdan ösmegine uly ähmiýet berýär.

Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidentine mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu gün geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň sebitdäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Duşuşygyň dowamynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň sebit ýurtlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň giňelmegine we çuňlaşmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara derejesindäki beýleki käbir meseleler boýunça hem pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň