Etrek demirýol stansiýasy «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesinde möhüm orny eýeleýär

18:1218.07.2022
0
5119

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Etrek terminalynda, 2021-nji ýylyň soňky çärýeginden başlap operator bolup çykyş edýär. Bu bolsa ýurdumyzda halkara üstaşyr we multimodal ýük gatnawlaryny ösdürmäge, müşderilere döwrebap hyzmatlary hödürlemäge öz täsirini uludan görkezdi.

2021-nji ýylyň soňky çärýeginde Türkiýe Respublikasynyň Çatalja demir ýol stansiýasyndan Owganystana ugran gumanitar kömek (un) ýükli wagonlar Türkiýäniň we Eýranyň çäklerinden geçip, ýurdumyzyň Ak ýaýla serhet demir ýol geçelgesinden Etrek stansiýasyna girdi. Etrek stansiýasynda türk wagonlaryndan türkmen wagonlaryna geçirilen un ýüki, Serhetabat-Turgundy ugruna eltdi. Owganystana ugradylan bu gumanitar kömek ýüküniň (un) jemi göwrümi 50 000 tonna deňdir. Bulardan başga-da nohut, ýag we beýleki ýükler Etrek stansiýasyndan Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan we Gyrgyz Respublikalaryna ugradylýar. Geljekde bu ýerden täze ugurlar bolan Russiýa Federasiýasyna hem-de Gazagystan Respublikasyna hem ýükleri ugratmak meýilleşdirilýär.

2022-nji ýylyň iýun aýynda Hytaý Halk Respublikasyndan ugran jemi 82 konteýnerden ybarat bolan pomidor goýutmasyndan ýükenen konteýner kerweni ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçip, Etrek stansiýasynda wagondan wagona geçirilip, Eýrana bardy we ol ýerden Türkiýä tarap ugradyldy. Mundan başga-da 48 konteýner tehniki kükürt ýüki Mersin portuna äkidildi.

Garşylyklaýyn ugurda, Eýrandan Gazagystana dürli görnüşli miweler, gury ir-iýmişler, gurluşyk materiallary we plastik materiallar «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesi arkaly, Etrek terminalynyň modern şertlerinden peýdalanmak arkaly üstünlikli ugradyldy. «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň operator bolup çykyş etmeginde Etrek terminalyndaky ýük we konteýner gatnawlarynyň möçberiniň has-da artmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Etrek terminaly döwrebap infrastrukturasy bilen giň mümkinçiliklere eýedir. Terminalyň çäginde açyk we ýapyk ammar şeýle hem wagonlaryň tekerini çalyşmaga niýetlenen ýörite bölek bardyr. Terminalyň açyk ammarynyň tutýan meýdany 8 750 inedördül metr bolup, bir wagtda 972 konteýneri öz içinde saklamaga ukyplydyr. Ýapyk ammar barada aýdanymyzda, onuň umumy meýdany 4 968 inedördül metre deň bolup, bir wagtda jemi 553 sany konteýneri öz içinde saklama mümkinçiligi bardyr. Terminalyň wagonlaryň tekerini çalyşmak üçin niýetlenen bölegi bolsa, bir wagtda öz içine 48 wagony alyp, bir gije-gündiziň dowamynda 400 wagona hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Bu terminal «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesinde möhüm orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň