Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we BMGÖM «COVID-19-a garşy göreşmek» taslamasy boýunça özara hereketleriň meýilnamasyny maslahatlaşdylar

16:2507.07.2022
0
6620

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň mejlisler zalynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ýokanç keselleri hassahanasynda Bütindünýä bankynyň karzynyň hasabyna maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreşmek» taslamasynyň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça çäreler geçirildi.

Çäreler gyzyklanma bildirýän taraplary taslamanyň maksatlary we çäreleri bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem duşuşyklaryň çäklerinde taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin ikitaraplaýyn aragatnaşyk etmek üçin geňeşmeler geçirildi.

Çärelere lukmançylyk işgärleri, şol sanda epidemiologlar, wirusologlar, zyýansyzlandyryş boýunça hünärmenler, laborantlar gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMGÖM-niň arasynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny berkitmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk bellenildi. Çärä gatnaşyjylar «Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreşmek» taslamasynyň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara gatnaşyklaryň möhümligini bellediler.

Duşuşyklaryň çäklerinde ýakynda neşir edilen «Daşky gurşawy goramak boýunça we sosial gurşaw boýunça çarçuwaly resminama» we «Gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara gatnaşyklaryň meýilnamasy» maslahatlaşyldy.

«Daşky gurşawy goramak boýunça we sosial gurşaw boýunça çarçuwaly resminama» ekologiýa we sosial howplary ýüze çykarmak, bahalandyrmak we dolandyrmak boýunça esasy gural bolup çykyş edýär. «Gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara gatnaşyklaryň meýilnamasy» gyzyklan bildirýän taraplary çekmäge gönükdirilendir.

Bu iki çäre 14-nji iýunda COVID-19-a garşy göreşmek taslamasy boýunça sosial-ekologiýa borçnamalarynyň okuwyny guramak bilen başlanan gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara gatnaşygy boýunça duşuşyklaryň tapgyryna girýär.

Ýakyn aýlarda jemgyýetçilik guramalary we ilatyň gowşak toparlary ýaly gyzyklanma bildirýän taraplaryň has giň toplumynyň gatnaşmagynda täze çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär diýip, BMGÖM habar berýär.

Ýatlatsak, «Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreşmek» taslamasy geçen ýylyň oktýabr aýynda işe girizildi. Onuň býujeti 20 mln dollar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň