Arhiw

BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynda zenanlar üçin boş iş orny bar

16:4405.07.2022
0
61260

27 ― 35 ýaş aralygyndaky zenan dalaşgärler Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasyna iş üçin ýüz tutup bilerler.

BAE-nyň diplomatik missiýasy bilen işlemek isleýän dalaşgärler aşakdaky talaplary ýerine ýetirmeli:

  • Bilimi: bakalawr derejesi;
  • Tejribäniň ugry: syýasy ykdysadyýet;
  • Iş tejribesi: azyndan 2 ýyl (halkara guramalarda iş tejribesi bolmaly);
  • Iş dili: Iňlis dili;
  • Başarnyk: kompýuter programmalarynyň ynamly ulanyjysy (Word, PowerPoint, Excel, Outlook).

Dalaşgärler resmi suraty bilen jikme-jik maglumatlaryny aşakdaky elektron salgylara ýollamaly:

ashgabatemb@mofaic.gov.ae;

uaembassy@online.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň