Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň telekeçileri pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasabat döwrüniň başlanandygy barada SMS habarnamasyny aldylar

13:0305.07.2022
0
4628

Şu gün Türkmenistanyň telekeçileri 2022-nji ýylyň birinji ýarymynyň pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasabat döwrüniň başlanandygy barada şahsy SMS habarnamasyny aldylar.

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan iberilen SMS habarnamasynda:

«Hormatly S.Ataýew! Pensiýa gaznasynyň bölumi 2022 ý. I ý.ý. üçin pensiýa gatançlaryňyzy tölemegiňizi haýyş edýär! Tel: +99312271187» – diýlip bellenilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasabat döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň