Şu gün Türkmenistanyň telekeçileri 2022-nji ýylyň birinji ýarymynyň pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasabat döwrüniň başlanandygy barada şahsy SMS habarnamasyny aldylar.
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan iberilen SMS habarnamasynda:
«Hormatly S.Ataýew! Pensiýa gaznasynyň bölumi 2022 ý. I ý.ý. üçin pensiýa gatançlaryňyzy tölemegiňizi haýyş edýär! Tel: +99312271187» – diýlip bellenilýär.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasabat döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda habar berildi.