Pomidory yzygiderli iýmek ýaralaryň tiz bitmegine hem-de bedende demriň we magniniň oňat özleşmegine ýardam edýär. Onsoňam bu gök önüm keýpiňi çaglaýan iň oňat serişde diýlip ykrar edildi diýip, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Ýelena Parawantes «Eat This, Not That!» neşirine gürrüň berdi diýip, MIR24 ýazýar.
Lukmanyň sözlerine görä, tomatlar öz düzüminde köp mukdarda likopin, С ýokumyny we beýleki antioksidantlary saklaýar, olar bolsa şähdiňi açýar. Geçirilen barlaglara laýyklykda, hepdede ikiden alty gezege çenli pomidor iýen adamlar beýleki seýrek ulanan adamlardan tapawutlulykda, göwnüçökgünligi az başdan geçiripdirler. Şunda aratapawut 46 göterimi düzüpdir.
Parawantesiň aýtmagyna görä, pomidor iýmek ýaralaryň tiz bitmegine kömek edýär, şeýle-de ultramelewşe şöhleleriniň täsiri astynda döreýän ýanyk we täze döremeler ýaly deri kesellerinde peýdalydyr.