Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistan” banky raýatlara karzlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär

09:4302.04.2015
0
29055

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky karzlaryň şu aşakdaky görnüşlerini hödürleýär:

Durmuş guran ýaş maşgalalara täze ýaşaýyş jaýyny (öýi) satyn almak üçin gozgalmaýan emläk üçin karzlar:

Möçberi: jaýyň bahasynyň 100 göterimine çenli.

Göterimi: ýyllyk 1 göterim.

Möhleti: 30 ýyla çenli.

Ýeňillik möhleti: 5 (bäş) ýyla çenli.

Üpjünçiligi: satyn alynýan ýaşaýyş jaýy.

Durmuş guran ýaş maşgalalara öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin berilýän karzlar:

Möçberi: 6 000 manada çenli.

Göterimi: 1 göterim.

Möhleti: 3 ýyla çenli.

Üpjünçiligi: zamunlyk.

Daýhan hojalyklaryna, mülkdarlara we kärendeçilere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary we abzallary hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin berilýän karzlar:

Möçberi: maýa goýum taslamalaryna görä.

Göterimi: ýyllyk 1 göterim.

Möhleti: ulanyş möhletine laýyklykda we her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde 10 ýyla çenli.

Üpjünçiligi: girew üpjünçiligi.

Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça berilýän karzlar:

Möçberi: karzlaşdyrylýan taslamanyň 85 göterimine çenli.

Göterimi: ýyllyk 5 göterim.

Möhleti: maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla  çenli, dolanyşyk serişdeleri satyn almak üçin 1 ýyla çenli.

Üpjünçiligi: girew üpjünçiligi.

Türkmenistanyň oba ilatyna hususy ýaşaýyş jaýlaryny almak üçin gozgalmaýan emlägi girewine almak bilen berilýän karzlar:

Möçberi: jaýyň bahasynyň 90 göterimine çenli.

Göterimi: ýyllyk 1 göterim.

Möhleti: 30 ýyla çenli.

Ýeňillik möhleti: 5 (bäş) ýyla çenli.

Üpjünçiligi: satyn alynýan ýaşaýyş jaýy.

Raýatlara sarp ediş maksatlary üçin nagt we nagt däl görnüşinde berilýän karzlar:

Göterimi: ýyllyk 15 göterim.

Möhleti: 2 ýyla çenli.

Üpjünçiligi: girew üpjünçiligi we zamunlyk.

Tölegli esasda okaýan ýaş talyplaryň okuwynyň ýyllyk töleglerini tölemek üçin berilýän “Bilim karzy”:

Möçberi: 10 müň manada çenli.

Göterimi: ýyllyk 8 göterim.

Möhleti: okuw ýylynyň möhletine görä.

Üpjünçiligi: girew üpjünçiligi.

Türkmenistanda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýerli gurluşyk kärhanalaryna hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin berilýän karzlar:

Möçberi: jaýyň bahasynyň 90 göterimine çenli.

Göterimi: ýyllyk 1 göterim.

Möhleti: karz ugry (gurluşygyň tamamlanmaly möhletine görä).

Üpjünçiligi: döwlet kärhanalaryna ýokary guramasynyň zamunlyk şertnamasy, döwlete dahylsyz hususy kärhanalara girew ýa-da bank kepilligi.

Habarlaşmak üçin “Türkmenistan” DTB-niň ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz!

“Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky: Tel.: 44-03-33, 44-02-65.

Ahal welaýat şahamçasy: Tel.: (800137) 35-4-08.

Balkan welaýat şahamçasy: Tel.: (800222) 7-28-87.

Daşoguz welaýat şahamçasy: Tel.: (800322) 5-32-35.

Lebap welaýat şahamçasy: Tel.: (800422) 3-46-02.

Mary welaýat şahamçasy: Tel.: (800522) 6-02-74.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň