2023-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler

23:5501.07.2022
0
9967
2023-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler

Bu barada Ministrler Kabinetiniň 1-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa hasabatynda aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu halkara maslahaty Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, baý taryhy-medeni mirasy giňden wagyz etmek we ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen geçirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda 70-e golaý hususy syýahatçylyk edaralary hereket edýär. Medeniýet ministrligi tarapyndan bu ugurda döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde we ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçiriljek halkara syýahatçylyk sergilerine hem-de şu ýylyň oktýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ministrler derejesindäki maslahata gatnaşmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, geljekde hususy syýahatçylyk kärhanalary tarapyndan Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk gezelençlerini guramak boýunça täze ugurlary öwrenmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany ýurduň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belläp, daşary döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, dünýä syýahatçylyk pudagynda alymlaryň we hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak, sagaldyş-dynç alyş ugrunda gazanylanlary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Türkmenistanda döwrebap syýahatçylyk düzüminiň kemala getirilmeginiň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurda täzeçil tehnologiýalary çekmegiň we milli ykdysadyýeti toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ugrudygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň