Gülşat Mämmedowa Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

21:3401.07.2022
0
2891
Gülşat Mämmedowa Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
Surat: meclis.gov.az

30-njy iýunda Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament torunyň «Ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe ýardam etmekde milli parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak» atly maslahat geçirildi. Ozal habar berşimiz ýaly, bu duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen, Milli Geňeşiň agzalary hem gatnaşdylar. Bu barada Azerbaýjan neşiri habar berýär.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-azerbaýjan parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki derejesi we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe ýardam etmekde milli parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak» atly maslahatda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Sahiba Gafarowa Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklara Azerbaýjanda uly ähmiýet berilýändigini, hormatly Prezident Ylham Aliýewiň ýakynda Aşgabada amala aşyran saparynyň gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm waka bolandygyny belledi.

G.Mämmedowa maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirip, türkmen-azerbaýjan parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine uly baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda başga-da özara gyzyklanma bildirilýän käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň