Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament torunyň duşuşygyna — «Ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe ýardam etmekde milli parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak» atly maslahata hem-de onuň çäklerinde geçiriljek çärelere we duşuşyklara gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetiniň agzalaryna 2022-nji ýylyň 30-njy iýunynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi.

