Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmak hukugyny ýitirdi

13:5201.07.2022
0
11510
Türkmenistan AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmak hukugyny ýitirdi

Aziýanyň klublaýyn ýaryşlaryndaky şowsuz netijelerden soňra Türkmenistan AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna wekil ýollamak mümkinçiligini elden gidirdi. Şeýlelikde, häzirki ýagdaýa görä, Türkmenistanyň çempiony yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşyna gönüden-göni gatnaşyp bilmez. Muny AFK-nyň täzelenen klublaýyn reýtingi görkezýär.

AFK-nyň kubogy ― 2022-de «Altyn asyr» bilen «Köpetagyň» şowsuz çykyş edendigini ýatladýarys. AFK-nyň «Günbatar» sebitinde Kuweýt bilen ornuny çalşyp, 11-nji basgançaga düşen Türkmenistan yklymyň klublaýyn ýaryşlary üçin mümkinçilikleriň birnäçesini elden gidirdi.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň düzgünnamasyna laýyklykda, reýtingde 11-nji orny eýeleýän döwletiň çempiony toparçalaýyn tapgyra gatnaşmak üçin bir sany saýlama duşuşygyny geçirmeli bolar. Bu bolsa Türkmenistanyň reýtingdäki häzirki ýagdaýyna degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň