Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Lindt» şokoladlarynyň resmi dükany açyldy

10:0801.07.2022
1
22149

Dünýä ýüzünde giňden tanalýan «Lindt» haryt nyşanly şokolad kärhanasynyň Aşgabatdaky ilkinji resmi dükany açyldy. Dükan Alyşir Nowaýy köçesindäki «Altyn zaman» dükanynyň birinji gatynda ýerleşýär.

Şokolad önümlerini halaýanlar üçin bu ýerde 100-den gowrak şokolad görnüşleri, şol sanda süýjüler, plitkalar, şokolad pastalary we beýleki süjülikler hödürlenýär.

«Lindt» haryt nyşanly şokoladlaryň taýýarlanylyşynda, olaryň hiliniň ýokary baha eýe bolmagynyň esasynda kärhananyň şokolad önümçiliginde iň gowy hilli kakao-nohutlary we beýleki ýokumly maddalary peýdalanýandygy durýar.

Bu şokoladlar ösen önümçilik tehnologiýalarynyň kömegi bilen taýýarlanýar.

Dükanyň bu brendde alyjylara ýetirýän şokoladlarynyň ählisi gös-göni Şweýsariýa we Germaniýa ýurtlaryndan getirilýär. Bu bolsa önümleriň hiline we ýaramlylygyna kepil geçýär.

Şweýsariýanyň meşhur şokolad brendiniň dükany Türkmenistanyň islendik ýerlerine eltip berme hyzmatyny hem ýerine ýetirýär. Dükanyň harytlarynyň görnüşleri bilen dükana baryp, şeýle-de dükanyň sosial ulgamlardaky sahypasy arkaly tanşyp bilersiňiz. Goşmaça maglumat üçin telefon belgileri: (+993 65) 900005, (+993 63) 732244.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň