Soňky habarlar

Arhiw

Putin Aşgabatda Hazar sammitiniň çäklerinde dört sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer

12:3128.06.2022
0
27553

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 29-njy iýunda Aşgabatda Hazar sammitiniň çäklerinde dört sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer. Bu barada žurnalistlere onuň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi diýip, TASS ýetirýär.

Onuň aýtmagyna görä, sammit başlamazdan öň, Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar, sammitden soň bolsa, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen duşuşyk geçirer.

Mundan başga-da, W.Putin Hazar sammitiň geçirilýän gününde 65 ýaşyny dolduran Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Uşakow Gurbanguly Berdimuhamedowyň «hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň häzirki görnüşiniň kemala gelmeginde möhüm şahsy goşandynyň» bardygyny ýatlatdy. «Hut şol russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň emele gelmeginde möhüm rol oýnady» - diýip diplomat belledi.

RF-niň Prezidentiniň kömekçisiniň habar bermegine görä, rus tarapy Aşgabatda geçiriljek gepleşiklerde «Hazar deňzinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetiniň tassyklanmagyna, iň esasysy bolsa, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýada kesgitlenen özara gatnaşyklaryň ýörelgelerine ygryrlylygyň tassyklanylmagyna» bil baglaýar.

Häzirki wagtda Konwensiýa Eýrandan başga ähli ýurtlar tarapyndan tassyklanyldy.

Sammite hazarýaka döwletleri bolan — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň Liderleri gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň