Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar logistik» saýty ýükleri daşamalarynyň takmynan bahasyny hasaplamaga mümkinçilik berýär

14:2027.06.2022
0
7039

«Hazar logistik» ulag-logistika kärhanasynyň saýtynda müşderiler üçin örän amatly şert — ýükleriň demir ýol ulaglary bilen daşalmagynyň takmynan bahasyny hasaplamak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy.

Hasaplaýjy saýtyň baş sahypasynyň ýokary bölegindäki «Logistika» bölüminde ýerleşýär. Demir ýol ulaglary arkaly A nokatdan B nokada çenli ýükleriň daşalmagynyň kesgitli bahasyny bilmek üçin ýük daşamasynyň başlangyç we ahyrky nokadyny girizmeli. Gerekli bolan gatnaw ugry girizilenden soň, müşderi ýükleriň daşalmagynyň takmynan bahasy, gatnaw ugrunyň kilometr ölçegindäki uzaklygy hem-de gatnaw ugrundaky menziller baradaky maglumatlary alar.

Ýükleriň daşalmagyndaky bahasyny hasaplaýjy bu funksiýa şeýle-de ulanylýan wagonlaryň görnüşlerini, ýükleriň görnüşini, olaryň agramyny we beýleki aýratynlyklaryny girizmäge mümkinçilik döredýär.

«Hazar logistik» kärhanasy ulaglaryň ähli görnüşleri bilen GDA we Ýewropa ýurtlaryna, şeýle hem Owganystan, Hytaý we Russiýa ýaly ýurtlara ýükleri daşamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň