Soňky habarlar

Arhiw

Putin Aşgabatdaky Hazar sammitine gatnaşar

17:5623.06.2022
0
28575
Putin Aşgabatdaky Hazar sammitine gatnaşar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 29-njy iýunda Aşgabatda ýüzbe-ýüz görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitinde gatnaşar. Bu barada şu gün Russiýanyň Lideriniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu aýyň 10-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şol saparyň çäklerinde türkmen Lideri russiýaly kärdeşini Aşgabada sapar bilen gelmek barada çagyrypdy.

Wladimir Putin soňky gezek GDA-a agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabada sapar bilen gelipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň