Daşoguz welaýat gümrükhanasynda ulag üstaşyr geçirijiligini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi

16:1522.06.2022
0
6564
Daşoguz welaýat gümrükhanasynda ulag üstaşyr geçirijiligini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi
Surat: customs.gov.tm

Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Gümrükhananyň şahsy düzüminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň işgärleriniň we Daşoguz welaýat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanda ulag üstaşyr geçirijiligini ösdürmek, eksport-import şeýle-hem üstaşyr haryt dolanşygyny çaltlaşdyrýan şertleri döretmek barada meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň eksport-import amallaryny geçirmekde üstaşyr geçelgeleriň işini netijeli ýola goýmak boýunça berýän tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmak barada anyk işler alnyp barylýandygy, ulag-üstaşyr merkezleriniň emele gelmeginde ýurduň Gümrük gullugynyň işi uly ähmiýete eýe bolup, bu ugurda Gümrük gullugy öz ygtýarlyklarynyň çäklerinde möhüm wezipeleri amala aşyrýandygy barada gümrükçilerimiz çykyş etdiler.

Çeşmäniň habar bermegine görä, duşuşykda eksport mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy telekeçileri we talyplary gyzyklandyrýan soraglara kanagatlanarly jogaplar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň