“Türkmentelekom” tm. zolagynda üçünji derejeli domenler hasaba alnyp başlady

07:2827.03.2015
1
12868

“Türkmentelekom” com.tm, edu.tm we gov.tm üçünji derejeli domenleri hasaba almak boýunça hyzmatlary hödürläp başlady.

Mundan başga-da, milli internet-prowaýder saýty ýerleşdirmek boýunça hosting, şeýle hem, bellenilen Wirtual serwer hödürleýär.

Domeni hasaba almagyň nyrhlary:

—com.tm domeni — ýylda 110 $;

—edu.tm domeni — ýylda 54, 50 $;

—gov.tm domeni — ýylda 52, 91 $;

Has doly maglumatlary siz 95-59-10, 95-59-11 belgiler arkaly ýa-da Oguz han köçesinde ýerleşýän “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk bölüminden alyp bilersiňiz.

tm — Türkmenistan üçin ýokary derejeli milli domen, ýöne domeniň häzirki hasaba alyjylaryň Türkmenistana hiç hili dahyly ýok. Tm domeni gysgaldylan iňlis trade marke (önüm belgisi) gabat gelýär, şol sebäpli bu domeniň ikinji derejeli erkin atlarynda ýetmezçilik emele geldi, domeniň özi bolsa öýjükde (set) iň gymmat bahalysy bolup durýar. Tm domeni umumy ABŞ-nyň 10 müň dollar nyrhynda diňe 10 ýyllyk möhlet bilen hasaba alynýar. Hut şu sebäplere görä-de, tm domeni Türkmenistanda ýaýrawa eýe däldir.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň