Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça 9 resminama gol çekildi

11:3715.06.2022
0
6529
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça 9 resminama gol çekildi
Surat: president.ir

Şu gün Tähran şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça dokuz resminama gol çekildi. Bu barada IRNA habar berýär.

Habarda bellenilşi ýaly, iki ýurduň Prezidentleri Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Resminamalaryň hatarynda başga-da, Eýranyň demirgazyk Horasan welaýaty bilen Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Gülüstan welaýaty bilen Balkan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Horasan Razawi welaýaty bilen Mary welaýatynyň arasynda Ylalaşyk, Eýran Yslam Respublikasynyň Radio we telewideniýe gullugy bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasynda ylmy, medeni, çeper we bilim alyş-çalyş maksatnamasy boýunça Bilelikdäki maýa goýum iş toparyny döretmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ähtnama, Daşky gurşawy goramak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň