Soňky habarlar

Arhiw

«Netflix» «Şa zenanyň ýörişi» hem-de «Kagyz jaý» seriallarynyň esasynda oýunlary çykarar

11:1613.06.2022
0
4616

«Netflix» wideoönümçilik platformasy Netflix Geeked Week wirtual çäresinde şu ýylyň ahyryna çenli platformada elýeterli boljak 50 sany wideooýny köpçülige tanyşdyrdy.

Daily.afisha web saýtynyň habar bermegine görä, bu oýunlaryň hatarynda «Şa zenanyň ýörişi» we «Kagyz jaý» seriallarynyň esasynda dörediljek oýunlar hem bardyr. «Ripstone» studiýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyljak «Şa zenanyň ýörişi» atly oýundan oýunçylar küşt oýnamagy öwrenip, dürli matallary çözerler hem-de dostlary bilen onlaýn-bäsleşikleri geçirip bilerler.

«KillaSoft» studiýasynyň taýýarlaýan «Kagyz jaý» serialy esasynda dörediljek oýunda bolsa oýunçylar edil filmdäki ýaly yzygiderlikde talaňçylyk işlerini meýilleşdirip bilerler. Wideoönümçilik platformasy şeýle-de «Reigns: Three Kingdoms», «Wild Things», «Desta», «Raji», «Poinpy», «Immortality» ýaly we beýleki wideooýunlary öndürer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň