«SOCAR» kompaniýasynyň wise-prezidenti Elşat Nasirow «Dostlug» taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda kompaniýanyň bölümini we iş nokadyny açmagyň meýilleşdirilýändigi baradaky pikiri beýan etdi diýip, «Caspian barrel» çeşmesi habar berýär.
Bu meýilnamalar babatda Elşat Nasirow Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ADA uniwersitetinde geçirilen çäräniň dowamynda belläp geçdi.
«Biziň nebit kompaniýamyz nebit we gaz önümçilik pudagynda iş alyp barýan transmilli kompaniýadyr. Aşgabat şäherinde hem kompaniýamyzyň iş nokadyny açyp bileris diýip umyt edýäris» diýip, «SOCAR» kompaniýasynyň wise-prezidenti aýdýar.
Nasirowyň pikiriçe, «Dostlug» taslamasy «SOCAR-yň» aýratyn orun eýeleýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy köptaraply giňeltmek üçin platforma bolmagy maksat edinilýär.