Ahmet Agamyradow Katar ― Türkmenistan duşuşygyndan soň žurnalisteriň sowallaryna jogap berdi

09:5508.06.2022
0
7181

Aziýanyň kubogy ― 2022-de çärýek finala çykan Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow duşuşykdan soň žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi:

― Gutlaglar üçin köp sag boluň! Hakykatdan-da, ýetilen üstünlige juda begenýäris. Kyn oýun boldy. Her bir watandaşymyzy gazanylan ýeňiş bilen gutlaýaryn. Biziň bu ýerlere gelmegimiz garaşylmadyk ýagdaýmy? Ýok, biz watandaşlarymyza başga sowgat etjekdik ― toparçany birinji orunda tamamlajakdyk. Ýöne häzirki netijämiz üçin hem Hudaýa şükür edýäris.

― Toparçadaky garşydaşlaryňyzyň güýji türkmen futbolçylarynyňkydan ýokary hasaplanylýardy. Yzda galan üç oýun barada näme aýdyp bilersiňiz?

― Iň güýçli garşydaşymyz Özbegistanyň ýygyndysy boldy. Beýleki garşydaşlarymyzyň bolsa biziň güýjümize ýeterlik baha bermändigi üçin özleri günäkär (gülýär).

― Toparda belli bir oýun uslybynyň bardygyny gördük.

― Bular diňe bir futbolçy däl, hakyky erkeklerdir. Biz ahyryna çenli göreşi gowşatmadyk. Awstraliýa bilen hem şeýle bolar. Ýene sowal barmy? Belki, finalda Özbegistan bilen oýnarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň