Russiýa çarter howa gatnawlary bes edilýär

21:2703.06.2022
0
71340

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi Türkmenistandan Russiýa çarter howa gatnawlaryny ýatyrýar.

Bu çözgüt iki ýurduň arasynda täze ýola goýlan yzygiderli gatnawlarynyň girizilmegi bilen baglanyşyklydyr diýlip, Konsullygyň Telegram kanalynda habar berilýär.

2022-nji ýylyň 10-njy, 17-nji hem-de 24-nji iýunyna meýilleşdirilen ýörite howa gatnawlary adaty tertipde amala aşyrylar.

Aşgabat — Kazan halkara howa gatnawyny «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2 ýyllyk arakesmesinden soň, gaýtadan dikeldendigini ýatladýarys. Kazan şäherine howa gatnawlary her hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat wagty bilen sagat 14:55-de ýerine ýetirilýär. Kazandan Türkmenistana bolsa howa gatnawy Türkmenabat şäherine amala aşyrylýar.

Ýörite howa gatnawlary Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri alnyp barylýar. Ýörite gatnawlary «Türkmenistan» awikompaniýasy bilen birlikde Russiýanyň «Sibir» awikompaniýasy tarapyndan hem ýerine ýetirildi (Rus awiakompaniýasy 37 howa gatnawyny ýerine ýetirdi).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň