Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady

06:2403.06.2022
0
10030

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýäde bellenilýän welosiped güni bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

«Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrjakdygyna pugta ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belläp geçýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped gününiň dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýandygyny, şeýle-de dünýä bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda tomus paslynyň ilkinji günlerinde bu halkara baýramyň ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýändigini belleýär.

«Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar gurlup, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde hem uly ösüşler gazanyldy.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine gönükdirmek bilen, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, şeýle-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynyň dowamynda belläp geçýär.

Mundan başga-da Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda, Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamasynyň, şeýle hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda, ýaş nesilleri çäksiz begendirendigini, buýsandyrandygyny hem belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynyň ahyrynda türkmen halkyny ýene bir ýola Bütindünýä welosiped güni bilen gutlap, türkmen halkyna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň