Soňky habarlar

Arhiw

Britaniýanyň mekdep naharhanalarynda mör-möjekler berlip başlanar

15:3301.06.2022
0
3851
Britaniýanyň mekdep naharhanalarynda mör-möjekler berlip başlanar

Uelsiň dört sany bilim edaralarynyň britaniýaly okuwçylarynyň gündelik naharyna owradylan mör-möjeklerden taýýarlanan tagamlar goşular. Eýýäm şu hepdeden güýje girýän taslama dörtden 11 ýaşa çenli çagalar gatnaşar diýip, mir24 habar berýär.

Häzirki wagtda mekdep naharhanalarynyň nahar tertibine, düzgün boýunça, lazanýa (makaronly tagam), pasta we fiş-end-çips girýar. Muňa garamazdan, çaga iýmiti barlagynyň awtorlary täze tagamlaryň çagalaryň arasynda meşhurlyk gazanjakdygyna ynanýarlar.

Alym Kristofer Biriň bellemegine görä: «Biz çagalaryň alternatiw beloklar hakynda geljegiň iýmiti hökmünde däl-de hakyky barlyk hökmünde pikirlenmeklerini isleýäris». Mundan başga-da, mör-möjekleri köpeltmek bilen meşgullanýan fermalar guşçulyk toplumlaryna garanyňda ekologiýa az zyýan ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň