Şu gün Aziýanyň Kubogy-2022 (U23) futbol ýaryşynyň açylyş dabarasy bolar. Ýaryş Özbegistanyň Karşi hem-de Daşkent şäherlerinde 1 — 19-njy iýun aralygynda geçiriler.
Ýaryşyň final tapgyrynyň bije çekilişiginiň netijelerine laýyklykda, 16 topar 4 toparça bölündi. Türkmenistanyň ýygyndy topary (U23) Özbegistanyň, Eýranyň hem-de Kataryň milli ýygyndylary bilen birlikde «A» toparça düşdi.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň geçirjek duşuşyklarynyň senenamasy:
2022-nji ýylyň 1-nji iýuny: Özbegistan — Türkmenistan — Aşgabat wagty bilen sagat 20:30-da. «Pahtakor» stadiony, Daşkent şäheri.
2022-nji ýylyň 4-nji iýuny: Türkmenistan — Eýran — Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da. «Bunýodkor» stadiony, Daşkent şäheri.
2022-nji ýylyň 7-nji iýuny: Katar — Türkmenistan — Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da. «Bunýodkor» stadiony, Daşkent şäheri.
Toparçadaky duşuşyklar tamamlanandan soň, her toparça boýunça köp utuk toplan iki milli ýygyndy ýaryşyň çärýek finalynda medal üçin göreşini dowam etdirer. Türkmenistanyň milli ýygyndysy toparçadan çykyp, 1/4 final tapgyryna gatnaşan ýagdaýynda «B» toparçadaky — Awstraliýa, Iordaniýa, Yrak hem-de Kuweýt ýygyndylarynyň biri bilen duşuşmaly bolar.