Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň uçurymlarynyň hasabat konserti geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Okuwçylaryň we mugallymlaryň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazlary, nusgawy saz eserleri, N.Halmämmedowyň, A.Agajykowyň, F.Şopeniň, E.Haçaturýanyň, M.Rodrigesiň, R.Galimowyň we beýelki ýerli hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy.
Asylly däbe öwrülen her ýylky aýdym-saz tomaşasy okuwçylarynyň bilim alan döwri öwrenen başarnyklaryny we zehinini görkezmäge mümkinçilik berdi. Ýazyrhan Baýramalyýew (fortepianoda), «WindStar 2022» halkara bäsleşginiň laureaty Akbar Kamalow (ksilofonda), «Parahatçylyk sazy – dostluk, doganlyk sazy» bäsleşiginiň laureaty Şerzad Abdullaýew (skripkada) we beýlekiler özbaşdak çykyşlaryny hyjuwly hem-de çeper ýerine ýetirdiler.
Jogapkärli çärede mekdebiň ansambl toparlarynyň ählisi çykyş etdi. F.Ýoldaşowyň ýolbaçylygyndaky «Dessan» skripkaçylar ansambly, O.Baýlyýewiň ýolbaçylygyndaky «Owaz» orkestri, «Köneürgenç» hory, J.Jumaýewiň ýolbaşçylygyndaky ksilofonçylar ansambly, «Güneş» orkestri, kirişli we üflenilip çalynýan saz gurallary ansambly, «Bagtyýar ýaşlar» tans ansambly, akkordeonçylar we bagşylar ansambllary, «Diýar» halk saz gurallary orkestri, «Mukam» dutarçylar ansambly joşgunly we sazlaşykly çykyş etdiler.
Konsertde ýaňlanan nusgawy we häzirkizaman eserler geljekki sazandalaryň, aýdymçylaryň, tansçylaryň we dirižýorlaryň hünär taýýarlygyna baha bermäge mümkinçilik berdi.
Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi indi 42 ýyl bäri aýdym-saz sungatynyň dürli ugrularyndan hünärmenleri taýýarlap gelýär. Ol şu döwürde 2000-e golaý hünärmen ýetişdirdi, diňe şu ýyl onuň uçurymlarynyň 50-si welaýat medeniýet we bilim ýörite edaralarynda işläp başlarlar. Şu günler ýörite mekdebiň işgärleri Medeniýet hepdeligi – 2022, Medeniýet we sungat işgäleriniň hem-de Magtymgulyny şygryýet gününe bagyşlanan dürli çärelere gatnaşmaga taýýarlyk görýärler.