Soňky habarlar

Arhiw

Finlanýandiýanyň ýygyndysy hokkeý boýunça dünýäniň çempiony boldy

12:0030.05.2022
0
3131

Hokkeý boýunça Finlýandiýada geçirilen 85-nji Dünýä çempionatynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Finler finalda Kanadanyň ýygyndysyndan owertaýmyň netijesinde 4:3 üstün çykmagy başardy.

Duşuşygyň 1-nji periodynda hasap açylmady. 2-nji periodda, 25-nji minutda Kozens kanadalylary 1:0 öňe saýlady. Ýöne 3-nji periodda ýer eýeleri tijenip, erjel oýun görkezdiler. 45-nji we 46-njy minutlarda Granlund tapawutlanyp, finleri öňe çykardy. 55-nji minutda Armiýa hasaby 3:1-e ýetirdi. Ýöne ruhdan düşmedik demirgazyk amerikalylar oýnuň soňky minutlarynda hasaby deňlemegi başardylar. 58-nji minutda Waýtklaud, 59-njy minutda-da Komuta degişlilikde, 2-3-nji şaýbalary finleriň derwezesinden geçirdiler. Owertaýmda-da, has takygy, 67-nji minutda Mannineniň geçiren goly ýer eýelerine çempionlyk getiren şaýba boldy. Şeýlelikde, Finlýandiýanyň ýygyndysy 4-nji çempionlygyny baýram etdi. Finler mundan ozal, 1995-nji, 2011-nji hem-de 2019-njy ýylda Dünýä çempiony bolupdylar.

Geçen ýylyň çempiony Kanadanyň ýygyndysyna 28-nji çempionlygyny gazanyp, Russiýa bilen paýlaşýan rekordynyň ýeke-täk eýesi bolmak bu çempionatda başartmady. Olar 16-njy gezek kümüş medal gazandylar.

3-nji ýer ugrundaky oýunda Çehiýanyň ýygyndysy ABŞ-nyň ýygyndysyndan 8:4 üstün çykyp, 6-njy sapar bürünç medala mynasyp boldy.

Çempion toparyň ýyldyzy, derwezeçi Ýuha Olkinuora bäsleşigiň iň gymmatly oýunçysy diýlip saýlandy. Şeýle-de, ol iň ökde derwezeçi baýragyna-da laýyk görüldi. Finlýandiýanyň başga bir hokkeýçisi Mikko Lehtonen iň ökde goragçy, ýaryşyň iň netijeli oýunçysy çehiýaly Roman Çerwenka çempionatyň iň ökde hüjümçisi hökmünde ykrar edildi.

Finlýandiýaly Ýuho Olkinuora, amerikaly Set Jons, finlýandiýaly Mikko Lehtonen, çehiýaly Roman Çerwenka, kanadaly Pier-Luk Dubo, finlýandiýaly Sakari Manninen çempionatyň simwolik ýygyndysyna saýlandy.

Çempionaty geljek ýyl Finlýandiýa hem-de Latwiýa bilelikde gurarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň