Britaniýanyň «Stella McCartney» modalar öýi dünýäde ilkinji bolup, derisi kömelekden bolan sumkany köpçülige tanyşdyrdy. «Frayme Mylo» täze çäkli önümçilige goýberilýän sumkasyndan bary-ýogy 100 sany öndürilýär. Sumka alýuminiý bilen gysylandyr we ozalky «Stella McCartney» ýazgysy bilen grawirlenen medal şekilli sumkanyň käbir ýerine çalyn edýär.
Her bir sumkany italýan tikinçileri elleri bilen tikýärler we olaryň özboluşly tapgyr nomeri bardyr. elitethings.com saýtynyň habar bermegine görä, dünýädäki ilkinji kömelek örtükli täze lýuks sumkalary islendik adam «Stella McCartney» brendiniň resmi web saýtyndan satyn alyp biler.