Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 40 ýyllygy mynasybetli makalalar ýygyndysy çap ediler

08:3130.05.2022
0
6021

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlaryndan we ýolbaşçylaryndan ybarat höwesjeňler topary bu ýokary okuw mekdebiň geljek ýyl belleniljek 40 ýyllygy mynasybetli makalalar ýygyndysyny toplap, neşir etmegi maksat edinýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, ýokary okuw mekdebiniň taryhyny öwrenijiler ilki bilen instituty döretmegiň başlangyjynda duran mugallymlaryň zähmet ýoluny öwrenerler.

Çeşmäniň habar bermegine görä, häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde abraý bilen işläp ýörenleriň biri hem Lýubow Ankarowna Taýlyýewadyr. Bu ýokary okuw mekdebinde zähmet çekýän mugallymlaryň köpüsi L.A.Taýlyýewanyň talyplary bolan. Olar L.A.Taýlyýewanyň gyzykly leksiýalaryny we amaly sapaklaryny häzire çenli ýatlaýarlar. Onuň talyplara ýyllyk we diplom işlerini ýazmak boýunça beren maslahatlarydyr gözükdirmeleriniň bahasy gymmatly bolup, geljekde olaryň ylmy işleriniň we gözlegleriniň manyly esasy bolupdy.

Şu ýyl Lýobow Ankarowna Taýlyýewanyň 72 ýaşy dolmalydy. Ol zähmet ýoluny 1972-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasynyň uly kitaphanaçysy wezipesinden başlapdy. Ondan öň bolsa çagalygy Maryda geçipdi, paýtagtymyzyň 12-nji orta mekdebinde okapdy, 1972-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, filolog, rus dili we edebiýaty mugallymy hünärini ele alypdy.

TDU-nyň aspiranturasynda okuwyny tamamlap, «Türkmen edebiýatynda Kemine şahyryň taryhy şahslygynyň çeper konsepsiýasy» atly temasyndan kandidatlyk dissertasiýasyny gorandan soň L. Taýlyýewa uniwersitetiň edebiýat kafedrasynda mugallym bolup işe başlaýar. Kän wagt geçmänkä, ol eýýäm uly mugallym bolýar, şol bir wagtyň özünde-de TDU-nyň jemgyýetçilik kafedrasynyň filosofiýa bölüminde okuwyny tamamlaýar.

Biraz wagtdan soň uniwersitetiň öňdebaryjy mugallymlarynyň biri hökmünde ony täze iş ýerine ugradýarlar. 1984-nji ýylda Rus dili we edebiýaty mugallymçylyk instituty açylandan soň, ol täze ýokary okuw mekdebinde işläp başlaýar we ýene bir ýyldan kafedra müdiri bolýar, oňa dosent derejesi berilýär. Soňra L. Taýlyýewa Rus dili we edebiýaty fakultetniiň dekany wezipesinde işleýär.

Zähmeti üçin ol birnäçe gezek Hormat haty bilen sylaglanýar, 1996-njy ýylda bolsa L. Taýlyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanýar. 2006-njy ýylda bolsa oňa «Zähmet weterany» diýlen hormatly at dakylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň